Türkmenistanyň DIM-inde Wenadan gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi

  • 12.10.2023 19:10
  • 4.6k+

12-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Wena şäheriniň häkiminiň wekili, Wena şäher geňeşiniň agzasy we Wena prowinsiýa parlаmentiniň agzasy Omar Al-Rawiniň ýolbaşçylygynda  Aşgabada sapar bilen gelen Wenanyň wekiliýeti, şeýle hem Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň barşynda türkmen diplomaty myhmanlary 11-nji oktýabrda Arkadag şäherinde bäşinji Wena balynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Şeýle hem şu gün “Galkynyş” Türkmen-Awstriýa simfoniki orkestriniň konsertiniň geçiriljekdigi bellenildi.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy bellediler. Parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada hem nygtaldy.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli amala aşyrylýandygyny hem-de bu ugurda iki ýurduň işewür toparlarynyň üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellediler.
Aşgabatda Wena balynyň geçirilmegi, şeýle hem “Galkynyş” simfoniki orkestriniň çykyşlary ýaly bilelikdäki çäreler arkaly medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklary has hem giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şu aýyň ortasynda Wenada geçiriljek Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti iki ýurduň arasyndaky medeni dialogynda ýene-de bir möhüm waka bolar.


düýn 19:38
4.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......