«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Buharestde işewür duşuşyk geçirdi

  • 11.10.2023 19:15
  • 8.6k+

10-njy oktýabrda «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Agajanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Buharestde Rumyniýanyň energetika ministrliginiň binasynda geçirilen nobatdaky Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Mejlisiň dowamynda birek-birege ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi tassyklanyldy.
Türkmen tarapynyň nygtamagyna görä, Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri nebit-gaz önümçiliginde we nebithimiýa pudagynda kärhanalary mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmakdan we tehniki taýdan enjamlaşdyrmakdan, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän gazy gaýtadan işleýän toplumlary gurmak üçin taslamalary durmuşa geçirmekden, şol sanda, benzin, dizel ýangyjy, awiasiýa kerosinini, polietilen, polipropilen we beýleki gaz-himiki önümleri öndürmekden ybarat bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, serişdeleri tygşytlaýan öňdebaryjy tehnologiýalaryň we täzeçil ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň tejribesiniň giňden ornaşdyrylandygy bellendi.
Duşuşygyň ahyrynda degişli teswirnama gol çekildi.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......