Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleri hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekdiler

  • 11.10.2023 19:07
  • 9k+

11-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada resmi sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Ministrler syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň mundan beýläk ösdürilmegi, parlamentara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, şertnama-hukuk binýadyň berkidilmegi baradaky meseleleriň giň toplumyna seretdiler. Taraplar daşary söwda ulgamynda, energetika, ulag, gurluşyk we senagat, dokma pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.
Ylym we bilim, sport, saglygy goraýyş ugurlarda üstinlikli özara hyzmatdaşlygyň, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň netijeli amala aşyrylýandygy babatynda hem bellenildi.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......