Aşgabatda Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşyk geçirildi

  • 11.10.2023 18:59
  • 9.4k+

11-nji oktýabrda Aşgabada resmi sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň Metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de olaryň okgunly we üstünlikli ösýändigini bellediler.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysynyň arasynda bolup geçen duşuşygyň möhüm ähmiýete eýedigi, onuň dowamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň kesgitlenendigi nygtaldy.
Ministrler syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň mundan beýläk ösdürilmegi, parlamentara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, şertnama-hukuk binýadyň berkidilmegi baradaky meseleleriň giň toplumyna seretdiler. Taraplar daşary söwda ulgamynda, energetika, ulag, gurluşyk we senagat, dokma pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......