Prezident Serdar Berdimuhamedow «Arkadag» medaly bilen sylaglandy

  • 11.10.2023 00:47
  • 16k+

10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han»  köşkler toplumynda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy «Arkadag» medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň uly dabaralar bilen bellenilýän gününde geçirilen dabara ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Öň habar berşimiz ýaly, «Arkadag» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagy bolmak bilen, adam bähbitlerini ileri tutmak, olaryň mertebesini belende götermek bilen, adalatlylyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, haýyr-sahawatlylyk, hemaýata mätäçlere kömek bermek ýaly türkmeniň ata-baba ýol-ýörelgelerine, milli däplerine laýyklykda we meýletinlik esasda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny, bitiren hyzmatlaryny hormatlamak, toplan tejribesini, ösýän halkara abraýyny giňden goldamak, bu ugurda görnükli işleri bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredildi. 
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň “Arkadag”  medaly bilen sylaglamak hakynda Mejlisiň Kararyny okady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýokary sylaga ýurdumyzda adamyň kanuny bähbitlerini goramak we üpjün etmek boýunça hukuk kepilliklerini döretmekde, aýratyn hemaýata we goldawa mätäç çagalary durmuşa uýgunlaşdyrmaga hem-de taýýarlamaga gönükdirilen guramaçylyk, kanunçylyk-hukuk, ykdysady çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmekde, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin mynasyp boldy.
Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň «Arkadag»  medalyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. 
Döwlet Baştutany özüne Türkmenistanyň döwlet sylagy bolan «Arkadag»  medalynyň gowşurylandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

«Men bu sylagy milli däplerimiz esasynda alyp barýan sahawatly işlerimize berlen baha hasap edýärin. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ynsanperwer işleri alyp barýar. Ýurdumyzda hemaýata mätäçler üçin ýaşaýyş jaýlar gurulýar. Döwletimiz we Hökümetimiz Haýyr-sahawat gaznasy bilen bu asylly işleri geljekde hem dowam eder» diýip, döwlet Baştutany aýtdy.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......