RF-niň Primorskiý kraý sebitiniň gubernatory Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi

  • 07.10.2023 09:31
  • 11k+

Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň gubernatory Oleg Kožemýako türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny esaslandyryjy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk hatyny iberdi.

«Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Şu ýylyň awgust aýynda güýçli suw joşgunlary zerarly ejir çeken Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň çagalaryna iberen kömegiňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin. Siziň goldawyňyz köp sanly adamlaryň öz öýlerini terk etmäge mejbur we gysga wagtda ähli zerur zatlaryndan mahrum bolan çylşyrymly pursadynda bahasyna ýetip bolmajak örän gymmatly kömek boldy.
Men Siziň goldawyňyzy, aladalaryňyzy çuňňur hoşallyk duýgusy bilen kabul etdim we oňa ýokary baha berýärin. Iberen ynsanperwerlik kömegiňiz ejir çeken etraplaryň ýaşaýjylaryna gowşuryldy. Kynçylyklara parhsyz garamaýandygyňyz we agyr pursatlarda kömege gelmäge taýýardygyňyz üçin Size hem-de türkmen halkyna hoşallyk bildirýärin» - diýlip hatda bellenilýär.

24-nji awgustda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlykda degişli harytlardan we azyk önümlerinden ybarat bolan ynsanperwerlik kömegi Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitine ugradyldy.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......