Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy 180 sany çylşyrymly operasiýany maliýeleşdirdi

  • 05.10.2023 08:49
  • 18k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýürek-damar we daýanç-hereket ulgamlarynda ejir çekýän çagalaryň 180-sine çylşyrymly hirurgiýa operasiýalaryny geçirmek boýunça işlerini maliýeleşdirdi. Bu barada Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirilen maslahatda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-usuly merkeziniň direktory Täzegül Saryýewa mälim etdi.

Bellenişi ýaly, ýurdumyzyň birnäçe ýaşajyk raýatlary Gaznanyň hasabyna lukmançylyk barlaglaryny geçip, bejergi üçin gerek bolan bejergi serişdelerini aldylar. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna etrap merkezlerindäki hassahanalaryň çagalar bölümlerine tiz kömek ulaglary sowgat berildi.
Şeýle hem, Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna, bejergi işlerini alan çagalar saglyklaryny berkitmek üçin Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine ugradyldy.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......