Raşid Meredow Azerbaýjanyň täze bellenilen Ilçisinden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi

  • 03.10.2023 16:28
  • 3.6k+

2-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi Gismat Fuzuli ogly Gozalowyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we diplomatik işiniň durmuşa geçirilmeginde türkmen tarapynyň ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda bar bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwletara görnüşinde bolşy ýaly, halkara düzümleriň, ilki bilen, BMG-niň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar boldy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek barada aýtmak bilen, söhbetdeşler ikitaraplaýyn haryt dolanşygynyň ösüşini bellediler, şeýle hem bu ugurdaky özara gatnaşyklaryň uly mümkinçiliklerini nygtadylar. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ýangyç-energetika toplumy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri, ulag we logistika ulgamyndaky özara gatnaşyklar bellenildi.
Şeýle hem iki döwletiň bilim, ylym, syýahatçylyk we medeni ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlygy bellenilip geçildi.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......