Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň Federal Kansleriniň orunbasary bilen duşuşdy

  • 30.09.2023 10:02
  • 4.6k+

29-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde GFR-iň Federal Kansleriniň orunbasary, ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministri Robert Habek bilen duşuşdy.

Döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde Halk Maslahatynyň Başlygy german kärdeşleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly kuwwatynyň amala aşyrylmagyna gyzyklanma bildirýändiklerine ynam bildirdi.
Energetika möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Taraplar ulag ulgamyny möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlediler. Ýurdumyzda hereket edýän ulag infrastrukturasyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, Türkmenistanda ulag serişdeleriniň bilelikdäki önümçiliklerini döretmek, hyzmatdaşlygyň orta möhletli “Ýol kartasyny” taýýarlamak boýunça işleri durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maliýe-bank we maýa goýum pudaklary, kommunikasiýalar ulgamy, oba we suw hojalygyny sanlylaşdyrmak hyzmatdaşlygyň beýleki geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ekologiýa pikir alyşmalaryň aýratyn meseleleriniň biri boldy.
Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki işiň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Özboluşly howa şertlerini nazara almak bilen, Türkmenistan Gün energiýasyny köp mukdarda tutuş ýylyň dowamynda öndürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Aýdylanlardan ugur alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň daşky gurşawy goramak we “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleri boýunça jogapkär ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna ekologik mesele boýunça türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen, 2024-nji ýylyň başynda “tegelek stoluň” başyndaky duşuşygy geçirmegi teklip etdi.
Duşuşygyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz wise-kansler Robert Habeki ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýakyn wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Germaniýanyň Federal Kansleriniň orunbasary, ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministri çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, dürli ugurlarda döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine hem-de hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......