Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň işewür toparlaryny ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga çagyrdy

  • 30.09.2023 09:35
  • 10k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-german işewürler maslahatyndaky çykyşynda Germaniýanyň işewür toparlaryny ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga çagyrdy.

«Biz Germaniýanyň işewür toparlaryny Türkmenistanda döwrebap ulag infrastrukturalaryny we kommunikasiýalaryny gurmak boýunça taslamalara özleriniň gatnaşmak mümkinçiliklerini öwrenmäge çagyrýarys» – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, häzirki günde ýurdumyzda täze awtomobil we demir ýol ulag halkalarynyň we geçelgeleriniň gurluşygy, howa we deňiz portlarynyň infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy giň gerimde alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň ulag edaralarynyň, assosiýasiýalarynyň we kompaniýalarynyň arasynda yzygiderli esasdaky iş duşuşyklaryny ýola goýmak teklip etdi.

«Duşuşygyň gün tertibine german kompaniýalarynyň Türkmenistanda ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga, hyzmat ediş merkezlerini döretmäge, ulag ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamaga gatnaşmagy ýaly meseleleri girizmek bolar» – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Hususan-da, Halk Maslahatynyň Başlygynyň aýdyşy ýaly, «Deutsche Bahn» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiligi bizde gyzyklanma döredýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri raýat awiasiýasy ulgamynda Türkmenistan bilen GFR-iň arasynda howa gatnawlaryny ösdürmek mümkinçiligine şeýle hem Türkmenistanyň howa menzillerini bilelikde dolandyrmak mümkinçiligine garamagy teklip etdi.
Şunuň bilen baglylykda, bu taslamalary durmuşa geçirmek üçin degişli hukuk binýadyny taýýarlamak zerurdyr diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......