Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa gaz ibermek boýunça Türkmenistanyň garaýşyny beýan etdi

  • 29.09.2023 18:18
  • 15k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň güntertibinde möhüm orun eýeländigini aýtdy. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyndaky çykyşynda belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň aýdyşy ýaly, energetika Türkmenistan üçin hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr, onuň düzüminde gaz we elektroenergetika pudaklary möhüm orun eýeleýär.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň  belleýşi ýaly, şunda ýurdumyz gaz çykarmak boýunça kuwwatlyklaryň artdyrylmagyna, köpugurly gaz ulag düzüminiň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär we munuň özi türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna iberilmegini üpjün etmäge ýardam berýär.

«Ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň güntertibinde möhüm orun eýeländigini we şeýle bolmagynda galýandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, Hazar üsti gaz geçirijisini gurmak arkaly Ýewropa ýurtlaryna gaz ibermek boýunça Türkmenistanyň eýeleýän üýtgewsiz garaýşyny tassyklaýaryn» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň aýdyşy ýaly, soňky 15 ýylyň dowamynda köp işleri ýerine ýetirdik, Ýewropa Bileleşigi bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

«Ýewropa Komissiýasynyň degişli düzümleri, Ýewropanyň aýry-aýry döwletleri hem-de kompaniýalary bilen iri halkara energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde işjeň gatnaşyklary dowam etmäge taýýardyrys» – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.


düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......