Alsgeýmer keselini haýallatmak üçin Ýaponiýada ilkinji derman serişdesi tassyklanyldy

  • 28.09.2023 15:21
  • 6.2k+

Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş, zähmet we sosial üpjünçilik ministrligi (MHLW) Alsgeýmer keseliniň Ýaponiýanyň Eisai derman serişdeleri kompaniýasy we ABŞ-nyň Biogen Inc. şereketi tarapyndan işlenip taýýarlanan dermanynyň öndürilmegini we satylmagyny tassyklady. Bu barada ýapon işläp taýýarlaýjysynyň web sahypasynda habar berildi.

Leqembi diýlip atlandyrylýan bu derman Alsgeýmer keseliniň esasy sebäbini şol bir wagtda bejermek we alamatlarynyň ösüşini haýallatmak üçin Ýaponiýada ilkinji derman serişdesi bolar. Ol eýýäm üstümizdäki ýylda ýaponiýalylar üçin elýeterli bolar diýlip garaşylýar.

“Alsgeýmer keselini bejermegiň taryhynda täze sahypa açdyk. Leqembi-ni adamlara keseliniň irki döwründe ýetirmäge, şeýle hem olaryň aladasyny etjek we seretjek hossarlaryny, ýakynlaryny üpjün etmäge borçlanýarys "- diýip, Eisai-niň baş direktory Haruo Haito öz beýanatynda aýtdy.

Kompaniýada düşündirişlerine görä, kliniki synaglar täze dermany kabul eden synaga gatnaşyjylarda (ýadyň ýaramazlaşmagy we diliň çolaşmagy), plasebo alanlar bilen deňeşdirilende, alamatlaryň ösüşiniň 27% haýallaýandygyny görkezdi. Bu derman 18 aýlap synagdan geçirildi we 50 ýaşdan 90 ýaş aralygyndaky irki döwür keseli bolan (aňyň bozulmagy ýa-da ýeňil demensiýa) näsaglary öz içine aldy. Gözlegiň jikme-jiklikleri we dermany kabul etmegiň zyýanly täsirleri alymlar tarapyndan The New England Medicine Journal of Medicine žurnalynda beýan edildi.
Şu ýylyň iýul aýynda bu derman ABŞ-nyň häkimiýetleri tarapyndan tassyklandy hem-de Amerikanyň Azyk we derman serişdelerine gözegçilik müdirligi (FDA) tarapyndan täze dermany ulanmaga rugsat berildi.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......