Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady

  • 27.09.2023 09:16
  • 9.5k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli gutlady.

«Abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly barýan Bitarap Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda asyrlara barabar ýol geçdi. Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Garaşsyz döwletimiz merdana halkymyzyň yhlasly, tutanýerli zähmeti netijesinde, dünýäniň kuwwatly, gülläp ösýän, parahatçylygy goldaýan döwletleriniň birine öwrüldi. Ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmaga ýardam berýän düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ýetilen belent sepgitler bu gün bütin dünýäde ykrar edilýär.
Siziň baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljekki ösüşlerimiziň kepili bolan döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» we beýleki maksatnamalary durmuşa geçirmekde halkymyz el-ele berip, hormatly Prezidentimiz, Siziň daşyňyza jebisleşip, belent maksatlara tarap ynamly öňe barýar» diýlip Gutlagda bellenilýär.


şu gün 07:51
142

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.1k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
855

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......