Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda oba hojalygyna maýa goýumlarynyň özleşdirilişi barada aýtdy

  • 24.09.2023 21:42
  • 21k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda ýurdumyzyň oba hojalygynyň özgerýändigini belledi. Döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, şu ýyl pudakda 1 milliard 600 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdiriler.

«Häzirki döwürde ähli hojalyklarda gara mallaryň baş sany 2 million 530 müňe, dowarlaryň sany 20 million 88 müňe, guşlaryň sany 21 million 957 müňe, düýeleriň sany hem 141 müňe ýetirildi» diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy

Prezidentiň belleýşi ýaly, biz ekerançylykda we maldarçylykda halkara tejribesini ornaşdyrmak üçin dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmelidiris.

«Biz ekerançylykda we maldarçylykda halkara tejribesini ornaşdyrmak üçin dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmelidiris. Hasyllylygy ýokarlandyrmak, tohumçylygy gowulandyrmak boýunça zerur işleri geçirmelidiris. Ekinleriň naýbaşy tohumlaryny önümçilige ornaşdyryp, tohumçylyk edaralarynyň işini halkara derejesinde kämilleşdirmelidiris» diýip, döwlet Baştutany nygtady.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......