Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumynyň öňünde anyk maksatlary goýdy

  • 24.09.2023 16:41
  • 12k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda ýangyç-energetika toplumynyň öňünde anyk maksatlary goýdy.

«Ýangyç gorlaryna baý ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işläp, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan energetika strategiýasynyň möhüm ugurlaryndan biridir» – diýip, döwlet Baştutany belledi.

Serdar Berdimuhamedow mysal hökmünde, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çig nebiti galyndysyz düýpli gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýän täze desgalaryň gurluşygy görkezdi.
Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygyny tamamlamagy, daşary ýurt maýa goýumlaryny Hazar deňziniň türkmen böleginiň geljegi uly bolan toplumlaryny özleşdirmäge we önüm çykarmak boýunça iri taslamalara çekmegi, gaz boýunça ylmy we tejribäni, täze tehnologiýalary ösdürmegi hem-de burawlamagyň tehniki mümkinçiliklerini kämilleşdirmegi, uglewodorod serişdelerini has ýokary derejede düýpli gaýtadan işlemegiň çygryny giňeltmegi, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de seýsmiki-gözleg we geologiýa-gözleg işlerinde öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen tejribe alyşmagy nebitgaz pudagyny ösdürmekde esasy ugurlar hasaplaýandygyny belledi.


şu gün 07:42
667

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......