Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda iki sany täze oba döredildi

  • 22.09.2023 16:28
  • 16k+

Türkmenistanyň Mejlisi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda döredilen täze ilatly ýerlere oba derejesini berdi we olara at dakdy. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň çäginde döredilen oba «Köpetdagyň ýalkymy» ady, Owadandepe geňeşliginiň çäginde döredilen oba «Nurly zaman» ady dakyldy.

Mundan beýläk olar, degişlilikde, «Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň Köpetdagyň ýalkymy obasy» we «Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň Nurly zaman obasy» diýip atlandyrylar.
Şeýle hem resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň edara ediş merkezi Köpetdagyň ýalkymy obasyna geçiriler. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň edara ediş merkezi bolsa Nurly zaman obasyna geçiriler.
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi Ahal welaýat häkimligi bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň Köpetdagyň ýalkymy obasynyň hem-de Owadandepe geňeşliginiň Nurly zaman obasynyň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirer.
Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri giriziler.
Bellenilişi ýaly, bu resminama Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda täze ilatly ýerleriň döredilendigini göz öňünde tutup, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjylarynyň haýyşlaryny we Ahal welaýat häkimliginiň towakganamasyny hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp kabul edildi.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......