Klimatologlar 2023-nji ýylyň iň yssy ýyl boljakdygyny çaklaýarlar

  • 21.09.2023 22:30
  • 11k+

Hytaýly alymlar şu ýylyň iň yssy ýyl boljakdygyny we Ýerdäki ortaça temperatura boýunça 2016-njy ýylda bellige alnan (taryhy kadadan 1,25 dereje ýokary) rekordy täzelejekdigini anykladylar. Rekord görkezijiler El-Ninýo howa hadysasynyň güýçlenmegi bilen baglanyşyklydyr diýip, Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Atmosfera fizikasy institutynyň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi. Bu iş sişenbe güni Advances in Atmospheric Sciences žurnalynda çap edildi.

“Alymlar ýygnanan maglumatlary Hytaýyň CMST 2.0 maglumatlar bazasynyň çäginde seljerip, 2023-nji ýylyň, 2016-njy we 2020-nji ýyllaryň rekord ýyllaryndan soň, eýýäm taryhyň üçünji yssy ýylydygy barada netijä geldiler. Şol bir wagtyň özünde temperaturanyň ýokarlanmagy dowam edýär, Atlantik we El-Ninýo şertlerindäki üýtgeşmeler baradaky çaklamany göz öňünde tutsaň, 2023-nji ýyl taryhda iň yssy ýyl bolar " - diýip habarda aýdylýar.

Çžuhaýe şäherindäki Sunýa Ýatsen uniwersitetiniň professory Li Sinsýanyň ýolbaşçylygyndaky klimatologlar topary döreden CMST 2.0 maglumatlar bazasyny ulanyp, bu netijä geldiler. Ol gözegçilikler wagtynda emeli hemralaryň, uçarlaryň, ýerüsti stansiýalaryň kömegi bilen tutuş Ýer ýüzüniň gözlegçileriniň toplan Ýeriň üstüniň we howanyň temperaturasyndaky üýtgeşmeler baradaky maglumatlary birleşdirýär.


şu gün 00:07
3.9k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

düýn 12:00
3.9k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

25.06.2026 19:11
6k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

25.06.2026 14:59
7.8k+

Ýewropada yssy howa howply derejä ýetdi. Munuň sebäbi näme?

Günbatar Ýewropa ýurtlaryny gurşap alan anomal yssy dowam edýär. Meteorologlaryň we klimatologlaryň Euronews-e beren maglumatlaryna görä, bu temperatura rekordlary «El-Nino» hadysasy bilen däl-de, ilkinji......