M.Çakyýew Aşgabat şäheri we Balkan welaýaty boýunça iş saparlaryny amala aşyrdy

  • 21.09.2023 15:52
  • 48k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Aşgabat şäheri we Balkan welaýaty boýunça iş saparlaryny amala aşyrdy.

M.Çakyýew Aşgabat boýunça iş saparynyň çäklerinde «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň desgalaryna baryp gördi we bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň iş sapary Balkan welaýatynda dowam etdi. M.Çakyýew welaýatyň Jebel şäherçesinde häzirki döwürde gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan Halkara howa menziline geldi. Gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine tabşyrylan bu giň möçberli taslamanyň amala aşyrylmagy bilen, halkara howa ugurlarynyň sany artar we ilata edilýän hyzmatlaryň derejesi ýokarlanar.
Soňra M.Çakyýew Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda bolup, bu ýerde durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdy. Häzirki döwürde portuň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda, gämi gurluşygy bilen bir hatarda, tankerleri, gury ýük gämilerini, tirkegleri abatlamak işleri alnyp barylýar. Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory portuň ýük terminallarynyň işi bilen gyzyklandy. Deňiz menzilinde zähmet çekýän hünärmenler portuň terminallarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin zerur tagallalaryň edilýändigini aýtdylar.
Soňra M.Çakyýew Balkan welaýatynyň etraplarynyň häkimleriniň we gözegçilik edýän pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.


düýn 16:30
543

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......