Wise-premýer T.Atahallyýew Mary welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy

  • 20.09.2023 13:40
  • 15k+

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Aşgabat şäheri we Mary welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Wise-premýer ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli döwlet derejesindäki baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi, Mary welaýatynyň etraplarynda ýaýbaňlandyrylan möhüm oba hojalyk işleriniň depgini bilen tanyşdy.

Wise-premýer Arkadag şäheriniň ýakynynda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli at çapyşyklary geçiriler we belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dabaralar ýaýbaňlandyrylar.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň iş sapary Mary welaýatynda dowam etdi. Wise-premýer sebitiň ekerançylyk meýdanlaryna aýlanyp gördi.


düýn 16:30
531

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
696

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......