Wise-premýer M.Mämmedowa Aşgabatda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

  • 20.09.2023 13:33
  • 9.1k+

19-njy sentýabrda wise-premýer M.Mämmedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Aşgabat we Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy hem-de gözegçilik edýän düzümleriniň alyp barýan işleri bilen tanyşdy.

Wise-premýer Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüne geldi we bu ýerde döredijilik toparlary, ýurdumyzyň medeniýet işgärleri we sungat ussatlary ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününi ýokary derejede garşylamak üçin alnyp barylýan giň möçberli taýýarlyk işleri barada aýtdylar.
Iş saparynyň dowamynda wise-premýer Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine geldi. Bu ýerde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň suratkeşleriniň eserleriniň sergisi geçiriler.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygynyň baş bezegi hasaplanýan dabaraly ýörişiň ýokary derejede geçirilmegine zerur üns berilýär. Şunda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna degişli ýörişiň bezeg aýratynlyklaryna, olarda ykdysady ösüşi görkezýän gymmatlyklara möhüm orun berilýär.
Soňra wise-premýer Aşgabadyň günorta künjeginde abadanlaşdyryş işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň oturdylan ýerine geldi. Şanly seneler mynasybetli durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Paýtagtymyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän künjegi bolan “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň hormatyna iki gatly kottej toplumlarynyň açylyş dabaralary geçiriler.
M.Mämmedowa iş saparyny Ahal welaýaty boýunça dowam edip, Gökdepe etrabynyň Owadandepe we Köpetdag geňeşliklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.
Wise-premýer Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki medeniýet öýünde paýtagtymyz we Ahal welaýaty boýunça guran iş saparynyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.


düýn 16:30
543

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......