Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty öz işine başlady

  • 20.09.2023 13:24
  • 5.3k+

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty öz işine başlady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň milli baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda ýokary guramaçylykly geçirilýän bu maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

«Garaşsyzlyk halkymyzyň ykbalyna düýpli täsir etdi hem-de Russiýa Federasiýasynda, Beýik Britaniýada, Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Şwesiýada, Türkiýe Respublikasynda, Özbegistan Respublikasynda, Gazagystan Respublikasynda, Gyrgyz Respublikasynda, Täjigistan Respublikasynda, Owganystanda, Pakistan Yslam Respublikasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Saud Arabystany Patyşalygynda we beýleki ýurtlarda mekan tutan dünýä türkmenlerini beýik Watanymyzyň — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes suprasynyň başyna jemledi» - diýip, Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda belledi.
«Biz dünýä döwletleri, şol sanda türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklarymyzy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli pugtalandyrarys» diýlip, Gutlagda bellenilýär.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
724

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......