Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy

  • 19.09.2023 08:05
  • 13k+

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutany we iri halkara söwda guramasynyň ýolbaşçysy mähirli salamlaşyp, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegini söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Umumy pikire görä, şu günki duşuşygyň netijeleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda milli ykdysadyýeti ösdürmek we halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýörite Hökümet topary hereket edýär. Onuň üstüne ýurdumyzyň BSG-ä goşulmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek, şeýle hem degişli teklipleri taýýarlamak wezipeleri ýüklenildi. Geçirilen işleriň netijesinde 2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana synçy derejesi, 2022-nji ýylyň fewralynda bolsa, Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurduň derejesi («Işjeň synçy») berildi.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......