Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryny 2024-nji ýylda Türkmenistana gelmäge çagyrdy

  • 15.09.2023 18:03
  • 27k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryny 2024-nji ýylda belleniljek akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýubileý baýramy mynasybetli Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaralara çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Täjigistanyň paýtagty Duşenbede geçen Konsultatiw duşuşygynyň dowamyndaky ýörite sylaglamak dabarasynda Gurbanguly Berdimuhamedowa Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany gowşuryldy.
Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bu çözgüdiň ýerine düşendigini aýdyp, döwlet Baştutany wezipesinde köpýyllyk netijeli işi bilen hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň doganlyk Türkmenistanda hem, onuň çäklerinden daşarda hem ählumumy hormata, belent abraýa mynasyp bolandygyny nygtady.
Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýönekeý bolmadyk dünýäde ýaşaýandygymyzy, syýasat, ykdysadyýet babatda köp meseleleriň bardygyny, ýöne esasy zadyň — biziň umumy ynsanperwer bähbitlerimiziň göz öňünde bolmalydygyny aýtdy.


şu gün 07:42
882

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......