Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandy

  • 14.09.2023 21:46
  • 31k+

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça Täjigistanda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormatly nyşany» bilen sylaglanyldy.

Sylagy gowşurmak dabarasy “Kasri Millat” köşgünde geçirildi. Bu ýerde dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen, Prezident Emomali Rahmon Gahryman Arkadagymyza dabaraly ýagdaýda Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň Hormat nyşanyny gowşurdy. 
Dostlukly ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryna ýüzlenip, Gahryman Arkadagymyz Täjigistanyň paýtagtynda geçirilýän halkara çäreleriniň çäklerinde ýokary sylag – «Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormatly nyşany» bilen sylaglanandygy üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bu sylaga türkmen halkyna goýulýan uly hormatyň nyşanydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge Türkmenistanyň goşýan goşandynyň ykrar edilmegi hökmünde baha berýändigini aýtdy we bu hormata ýurdumyzyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen Bitaraplyk syýasatynyň goldanylmagy diýip düşünýändigine ünsi çekdi. 
Türkmen halkynyň Milli Lideri Duşenbede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça kabul edilen çözgütleriň doganlyk ýurtlaryň we olaryň halklarynyň dostlugyny hem-de hyzmatdaşlygyny berkitmekde, şeýle hem agzybirligi saklamakda möhüm ädim boljakdygyna berk ynanýandygyny nygtady.


şu gün 07:42
882

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......