Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy duşuşygy Gazagystanda geçiriler

  • 15.09.2023 15:35
  • 12k+

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 2024-nji ýyldaky duşuşygy Gazagystanda geçiriler. Bu barada Duşenbe şäherinde döwlet Baştutanlarynyň bäşinji duşuşygynyň jemleri boýunça Täjigistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Sirojiddin Muhriddin brifingde habar berdi.

"Döwlet Baştutanlary Gazagystanyň Prezidenti hormatly Kasym-Žomart Kemelowiç Tokaýewiň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Altynjy Konsultatiw duşuşygyny geljekde Gazagystanda geçirmek teklibini goldadylar» diýip, ministr belledi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy 2018-nji ýyldan bäri geçirilýär. Ilkinji duşuşyk Gazagystanda Astanada geçirildi, 2019-njy ýylda — Özbegistanyň paýtagtynda geçirildi. 2020-nji ýylda sammit ýüzbe-ýüz görnüşde geçirilmedi. 2021-nji ýylda Türkmenistanda Awazada, 2022-nji ýylda Çolpon-Ata gyrgyz şäherinde geçirildi.


düýn 23:05
478

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
725

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......