Raşid Meredow Duşenbede täjik kärdeşi bilen gepleşikleri geçirdi

  • 14.09.2023 06:50
  • 8.9k+

13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin bilen gepleşikleri geçirdi.

Netijeli duşuşygyň dowamynda ministrler çuňňur strategiki häsiýete eýe bolan türkmen-täjik gepleşikleriniň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu nukdaýnazardan dürli derejelerdäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňligi aýratyn nygtaldy.
Gepleşikleriň çäginde R.Meredow we S.Muhriddin şu ýylyň 14-15-nji sentýabry aralygynda Duşenbede geçiriljek ýokary derejeli Sammitleriň gün tertibine degişli meselelere degip geçdiler. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmekde köptaraplaýyn tagallalaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......