Türkmen biržasynda geçen hepdäniň geleşikleriniň jemi bahasy 8 million dollardan gowrak boldy

  • 11.09.2023 09:55
  • 4.9k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Gazagystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri ýorgan-düşek toplumlaryny, nah we jins matalary, nah ýüplügi, portlandsementi, agardylan pagta süýümini, şeýle hem dokma önümleriniň galyndylaryndan dikeldilen süýümi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 337 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 4 million 800 müň manada deň bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.


şu gün 15:52
4.3k+

Oba hojalyk pudagynda wezipeler kesgitlenildi we ýolbaşçylar bellenildi

Türkmenistanyň oba hojalyk pudagy täze işgärler düzümi we 2026-njy ýyl üçin anyk meýilnamalar bilen täze önümçilik tapgyryna girişýär. Degişli çözgütler döwlet Baştutany tarapyndan geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda kabul edildi...

şu gün 14:54
1.6k+

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 3 million düýp nahal ekiler

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň dowamynda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň üç million düýp nahalyny ekmek meýilleşdirilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 13-nji fewralda geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi diýip, TDH habar berýär...

şu gün 12:26
7.4k+

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Aşgabat şäheriniň häkimliginiň we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirip, degişli Kararlara gol çekdi...

şu gün 12:09
10k+

Türkmenistanyň welaýatlarynda birnäçe etraplaryň häkimleri täzelendi

Prezident Serdar Berdimuhamedow 13-nji fewralda, anna güni geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň birnäçe etraplarynyň häkimlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky resminamalara gol çekdi...