Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidentini gutladylar

  • 09.09.2023 13:22
  • 14k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

«Täjigistan Respublikasy syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly üstünlikleri gazandy, ykdysady ösüşde täze sepgitlere ýetdi, şeýle hem halkara giňişlikde at-abraýyny yzygiderli ýokarlandyrdy. Türkmenistan Täjigistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine we ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Biziň ýurtlarymyzyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda alyp barýan işlerini üstünlikli utgaşdyrýandygyny bellemek ýakymlydyr» diýip, döwlet Baştutany gutlagynda belledi hem-de bilelikdäki tagallalar netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň doganlyk halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.
«Garaşsyzlyk ýyllary içinde Siziň baştutanlygyňyzda ýurduňyzyň syýasy we ykdysady durmuşynda uly üstünlikler gazanyldy, halkara giňişlikde amala aşyrylýan netijeli işleriňiz bolsa Täjigistan Respublikasynyň abraýyny belende göterdi. Biziň ýurtlarymyzyň giň ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlygyny aýdyň görkezýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek guwandyryjydyr” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gutlagynda belledi.


20.06.2026 11:41
3.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......