Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidentini kabul etdi

  • 05.09.2023 23:53
  • 11k+

Şu gün, 5-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagatany kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda ylym we bilim ulgamynda däp bolan türkmen-ýapon gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin açylýan giň mümkinçilikler ara alyp maslahatlaşmagyň esasy meseleleriniň biri boldy. Ýurtlaryň ikisi hem bu ulgamy kämilleşdirmäge hemmetaraplaýyn ösüşiniň möhüm şerti hökmünde garaýarlar.
Biz bilim ulgamyny kämilleşdirmekde halkara tejribesiniň we gazananlarynyň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ylym-bilim babatda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini aýratyn belledi.
Türkmen ýaşlarynyň Ýaponiýada bilim almagy, ýurdumyzyň birnäçe orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýapon diliniň öwredilmegi, ylym-bilim wekilleriniň gatnaşyklary muňa mysal bolup durýar.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......