R.Meredow Fransiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy

  • 05.09.2023 16:39
  • 8.6k+

4-nji sentýabrda Fransiýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde wise-premýer, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň resmi wekiliýeti Fransiýanyň "MEDEF-International" halkara assosiasiýasynyň agzalygyna girýän fransuz kompaniýalarynyň işewürlik duşuşygyna gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti fransuz işewür wekillerine ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary we maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumat berdi.
Foruma gatnaşyjylar söwda, ykdysadyýet, energetika, oba hojalygy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary boýunça türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek we giňeltmek barada pikir alyşdylar. Şol bir wagtyň özünde, nebit-gaz we gaz himiýa pudaklary, elektrik energetikasy, ulag we aragatnaşyk, lukmançylyk senagaty we derman senagaty, maliýe-bank pudagy, şeýle hem suw dolandyryş toplumy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Şol gün şeýle hem R.Meredow Fransiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri, şol sanda “Fransiýa-Türkmenistan” Söwda edarasynyň hormatly prezidenti, “CIFAL International Services” kompaniýasynyň prezidenti Žill Remi, “CARPI Tech” kompaniýasynyň hormatly prezidenti Alberto Mariýa Skuero we bu kompaniýanyň baş direktory Fransua Tronel, “Bouygues” kompaniýalar toparynyň prezidenti Marten Buig, “Vinci Construction Grands Projets” kompaniýalarynyň prezidenti Patrik Kadri bilen duşuşyklary geçirdi.
Duşuşyklarda bu kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Pariže saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary dürli döwlet edaralarynyň hem-de fransuz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa sapary dowam edýär.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......