Raşid Meredow iki günlük sapar bilen Fransiýa bardy

  • 05.09.2023 16:33
  • 10k+

4-5-nji sentýabrda Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Fransiýa Respublikasyna sapary amala aşyrýar. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

4-nji sentýabrda saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Fransiýanyň Prezidentiniň Kontinental Ýewropa, Türkiýe we Balkan ýurtlary boýunça diplomatik geňeşçisi Bertran Buhswalter bilen gepleşikleri geçirdi.
Duşuşygyň başynda R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň adyna iberen salamyny ýetirdi.
Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň gün tertibi we türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara düzümleriň çäklerinde işjeňleşdirmek boýunça meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Parlamentara hyzmatdaşlyk syýasy gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.
Taraplar syýasy-diplomatik ugurda, ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri babatynda, ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça pikir alyşdylar.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......