Gurbanguly Berdimuhamedow Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasyna baryp gördi

  • 03.09.2023 09:09
  • 50k+

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasyna baryp gördi. Saparynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň  mümkinçilikleri bilen tanyşdy hem-de bu ýerde dynç alýanlar we saglygyny berkidýänler üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy.

Ir bilen Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda «Arçman» şypahanasyna bardy.
Ilki bilen lukman Arkadagymyz “Arçman” şypahanasynyň şypaly suwly çeşmesiniň gözbaşyna bardy. Häzirki döwürde Türkmenistanyň çäklerinde bar bolan mineral suwlarynyň, bejeriş häsiýetli palçyklaryň aýratynlyklary, şypahana bejerişiniň dürli ugurlary aýratyn-da, bu şypahananyň bejeriş ugurlary ylmy esasda öwrenilip, olaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow şypahananyň mineral suwuny içmek üçin niýetlenen bölümine bardy hem-de dynç alýan we saglygyny berkidýän adamlar bilen görşüp, olaryň saglyk ýagdaýlary hem-de bu ýerde döredilen mümkinçilikleriň aýratynlyklary bilen içgin gyzyklandy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu bölümiň çägini giňeltmek, onda saglygyny berkidýän adamlar üçin ähli zerur mümkinçiliklerini üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet bermegini tabşyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasynyň şypaly suw bilen bejeriş bölümine baryp bölümiň enjamlaşdyrylyşy, onda döredilen şertler we saglygyny berkidýän adamlara bu ýerde hödürlenýän sagaldyş hyzmatlarynyň görnüşleri bilen tanyşdy.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Arçman” şypahanasynyň degişli binalarynyň durkuny täzelemek we bu ýerde häzirki zaman bejeriş ulgamyna degişli binany gurmak boýunça işlenip taýýarlanylan şekil taslamalary hem-de desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Şeýle hem bu ýerde “Arçman” şypahanasynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze binanyň, durky täzelenjek Saglyk ýolunyň, dynç alýanlara niýetlenen bassyrmalaryň, çagalar üçin oýun meýdançalarynyň, agyz suwy, şypaly suw ulgamlarynyň, elektrik, gaz we lagym geçirijileriň we şypahananyň durmuş üpjünçiligine degişli birnäçe tehniki desgalaryň, awtomobil ýolunyň taslamalary, binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen işleriň, şypahananyň çäginde oturdylmagy meýilleşdirilýän aýmançalaryň görnüşleri görkezildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, saglygy goraýyş ulgamyna hem-de ugurdaş pudaklara degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow şypahananyň binalarynyň durkuny täzelemek işlerinde we täze desgalaryň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň netijeli ulanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda ekologiýa meselelesine möhüm ähmiýet berilmelidir.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyza tarap ugur aldy.
Uçuş mahaly Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işleri we obalaryň hem-de şäherleriň durkuny täzelemek boýunça özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň dikuçary Arkadag şäheriniň ýokarsynda öwrüm etdi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......