Moskwada ýollamalary eltip bermek üçin robot-koloboklar synagdan geçirilýär

  • 30.08.2023 11:45
  • 7.3k+

Moskwada çapar-kurýer hökmünde çykyş edip, ýollamalary, resminamalary ýa-da azyk önümlerini eltip bermegi başarýan robot-koloboklar synagdan geçirilip başlandy.

«AI Kolobok» diýlip atlandyrylýan robot diametri, takmynan, 40 santimetr bolan özi hereket edýän şardyr. Ol kompýuter görüşine we adamlar bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän ses ulgamyna eýedir. Enjam 360 gradus aýlanmak arkaly hereket edýär.
Moskwanyň häkiminiň web sahypasynda habar berlişi ýaly, innowasiýalaryň deslapky synag maksatnamasyna girizilen rus kompaniýasy adaty bolmadyk «çapary» işläp düzdi. Maksatnamanyň iň gowy gatnaşyjylaryna 114 million rubl bölünip berler.
Enjamyň synaglary eýýäm WDNH-da geçirilýär, ýöne şu wagta çenli geçip barýanlar oňa howsalaly çemeleşýärler, käbirleri bolsa ony adaty topdur öýdýärler.


düýn 18:51
2.9k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....