2023-nji ýylda «Ýaňlan Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 26.08.2023 15:29
  • 18946
2023-nji ýylda «Ýaňlan Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

2023-nji ýylda geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan höwesjeň aýdymçy ýaşlary sylaglamak boýunça Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

  • Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiniň informatika mugallymy Hezretguly Hojageldiýewiç Guldurdyýew;
  • Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy Batyr Amanmuhammedowiç Şalarow;
  • Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň Balkanabat şäher medeniýet merkeziniň usulyýetçisi Bagdagül Hanmämmedowna Mämmetgurbanowa;
  • Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň «Dostluk çemeni» tans toparynyň artisti Aýgözel Batyrowa;
  • Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Saýat galla kabul ediş nokadynyň tüwi sehiniň ussasy Babajan Azadowiç Rozyýew;
  • Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Oguzhan şäherçe medeniýet merkeziniň akkomponiatory Nurýagdy Garýagdyýewiç Bekiýew.

20.06.2024 14:30
3879

Türki dünýäsiniň ýaş suratkeşleriniň bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Türki dünýäsiniň ýaş suratkeşleriniň «Änew – türki dünýäsiniň medeni paýtagty 2024»-iň çäklerinde TÜRKSOÝ-nyň guran «Türki halklaryň we Türkmenistanyň medeni mirasy» temasy boýunça geçirilen bäsleşigiň netijeleri...

19.06.2024 17:29
5395

Talyplaryň arasynda «Talyp joşguny – 2024» döredijilik festiwaly geçirildi

«Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilikli höwesjeň talyplarynyň arasynda «Talyp joşguny – 2024» döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Jemgyýetçilik guramalaryň...

18.06.2024 09:41
21762

Gurbanguly we Ogulgerek Berdimuhamedowlaryň agtyklaryna Hytaýdan sowgatlar geldi

Mälim bolşy ýaly, 17-nji maýda Aşgabatda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly maslahat geçirildi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa hem-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw...

17.06.2024 22:19
5497

Aşgabadyň kinoteatrlarynda şu hepde görkeziljek filmler we multfilmler

“Aşgabat” kinoteatry we “Türkmenistan” kinokonsert merkezi şu hepde görkeziljek filmleriň we multfilmleriň sanawyny hödürlediler. “Aşgabat” kinoteatry  Sişenbe güni, 18-nji iýun: 15:00 – “Kapitan Marwel 2” (2023)...