«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde Balkan welaýatyndan Ýunus Aşyrdurdyýew we Öwezmyrat Ataýew wekilçilik eder

  • 30.07.2025 14:56
  • 9k+

Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde guralýan «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi.

Balkan welaýat häkimliginiň, welaýat Medeniýet müdirliginiň guramagynda geçirilen bäsleşige sebitiň ähli etrap-şäherlerinde saýlama tapgyrlarda ýeňiji bolan zehinli höwesjeň estrada aýdymçylarynyň 10-sy gatnaşdy.
Bäsleşigiň jemleri boýunça Gyzylarbat etrabynyň Tutly obasynyň ýaşaýjysy, höwesjeň aýdymçy Öwezmyrat Ataýew hem-de Esenguly etrabynyň harby wekilliginiň gözegçisi Ýunus Aşyrdurdyýew ýeňiji boldular. Eminleriň ýokary bahasyna mynasyp bolan ýaş zehinli aýdymçylar «Ýaňlan, Diýarym! — 2025» telebäsleşiginiň döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşikde aýratyn tapawutlanan ýaş zehinlere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


şu gün 00:03
1.8k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.4k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......