Türkiýeli alymlar kosmosda ösümlikleri ýetişdirmek boýunça synaglary geçirerler

  • 20.08.2023 10:57
  • 11k+

Türkiýäniň ilkinji pilotirlenýän kosmos missiýasy wagtynda amala aşyryljak taslamanyň çäginde älem gurşawynda genetika pudagyndaky synaglar olaryň netijeliligine soňraky gözegçilik bilen geçiriler. Bu barada Trend habar berýär.

Bu tabşyryk Türkiýe Respublikasynyň 100 ýyllygy mynasybetli gurnaldy we türk uniwersitetleri we gözleg institutlary tarapyndan işlenip düzülen 13 dürli synagdan ybarat.
Türk kosmos gullugy (TUA) we TÜBITAK kosmos tehnologiýasy gözleg instituty tarapyndan teklip edilen esasy gözleg maksatlarynyň biri mikrograwitasiýa şerlerinde ösümliklerde CRISPR gen redaktirlemesiniň netijeliligini öwrenmek bolar. Bu taslama genetika pudagynda döwrebap gural bolan CRISPR ulgamyny ulanyp, genleri redaktirlemek usulyny kosmosyň nol agyrlykdaky ösümliklerde ulanmak mümkinçiligini seljermegi maksat edinýär.
Taslamada ulanmak üçin nusgawy organizm hökmünde "Arabidopsis thaliana" (Rezuhowidka) ösümligi saýlandy.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....