Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

  • 17.08.2023 09:19
  • 22k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady.

«Siziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan daşary syýasat strategiýaňyzda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenilýär. Siziň iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşyňyzda taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny abat saklamak, öwrenmek, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek, olary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça hem ähli tagallalaryň ediljekdigi barada bellemegiňiz ýurdumyzyň medeni diplomatiýasynda öňe sürülýän başlangyçlaryň bu ýöriteleşdirilen düzümiň maksatdyr wezipeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygyna güwä geçýär» diýlip gutlagda bellenilýär.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......