Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistanyň ýolbaşçylaryny gutladylar

  • 14.08.2023 11:46
  • 18k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurduň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Serdar Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklaryň häzirki ösüşine ýokary baha berip, iki ýurduň doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi, şeýle hem bu gatnaşyklary iki halkyň bähbidine täze sepgitlere ýetirmäge taýýardygyny beýan etdi.
“Ýurtlarymyzyň arasynda emele gelen köpugurly gatnaşyklar özüniň netijeliligi bilen tapawutlanýar” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi, şeýle hem Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky doganlyk we özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna ygrarlydygyny beýan etdi.


şu gün 07:42
882

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......