«Awazada» «Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi» atly halkara maslahat öz işine başlaýar

  • 12.08.2023 09:33
  • 7.4k+

Şu gün — 12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi» atly ylmy-amaly maslahaty öz işine başlaýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mashata gatnaşyjylara gutlag iberdi.

«Türkmenistan Hazarýaka sebitde bolup geçýän ähli möhüm hereketlere işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, bu ugurda parahatçylyga, ylalaşyga, özara ynanyşmaga we netijeli halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny aýdyň görkezýär. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz Hazarýaka döwletleriň öňünde duran ähli wajyp meseleleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 2002-nji ýylda Aşgabatda birinji Hazar sammitini geçirdi. Bu taryhy waka Hazar gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça uzak möhletleýin geljek üçin yzygiderli hyzmatdaşlygyň berk binýadyny goýdy hem-de Hazarda özara arkalaşykly hereket etmek üçin köp sanly meseleleriň çözülmegine uly badalga berdi» diýlip Gutlagda aýdylýar.

Maslahata Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçylary, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, şeýle hem Gruziýanyň we Rumyniýanyň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşýar.
Maslahatyň barşynda sebitiň döwletleriniň HAzar deňzi sebitinde mundan beýläkki özara gatnaşyklary, şol sanda ekologiýa, geostrategiki, ykdysady we ulag ulgamlarynda gatnaşyklar bilen bagly ileri tutulýan meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......