Awazada Hazar deňziniň kenary boýunça täze gämili gezelenç ugry açyldy

  • 04.08.2023 13:20
  • 21k+

Türkmenistanyň Deňiz söwda floty Hazar deňziniň kenary boýunça täze gämili gezelenç ugrunyň açylandygyny yglan etdi.

Gämili gezelenç ugry deňiz menzilinden başlanyp, ajaýyp dynç alyş merkezi bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň deňiz kenary boýunça dowam edýär. Awazanyň kenary boýunça gämili deňiz gezelenjiniň dowamlylygy 3 sagat dowam edip, bilediň bahasy 45 manada deňdir.
Deňiz söwda floty şeýle hem Türkmenbaşy – Gyzylsuw – Türkmenbaşy ugry boýunça yzygiderli deňiz gatnawyny amala aşyrýar. Gyzylsuw – bu Türkmenistanyň Hazar deňizndäki ilatly ýeke-täk adasysydyr. Bu ugur boýunça gämili gatnawyň bahasy bir tarapa 20 manatdan ybaratdyr.
Türkmenbaşy – Awaza, Türkmenbaşy – Gyzylsuw ygry boýunça biletleri Deňiz söwda flotunyň resmi saýty arkaly onlaýn satyn almak mümkin.
Gämili gezelenç 2013-nji ýylda gurlan «Çarlak» gämisinde amala aşyrylýar.

Goşmaça maglumat üçin ýüz tutup bilersiňiz:
Türkmenbaşy deňiz menzili:
Tel. +993 243 51107
Email: marinestation@mmf.com.tm


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......