R.Meredow 2023-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanyň daşary syýasy ugry boýunça birnäçe teklipleri beýan etdi

  • 22.07.2023 09:38
  • 44k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda boljak çäreleriň Tertibini işläp taýýarlaýar. Soňra bu Tertip Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürleniler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisinde habar berdi.

Wise-premýer, daşary işler ministri şu ýylyň ahyryna çenli Bitarap döwletimiziň daşary syýasy ugruny netijeli durmuşa geçirmek boýunça birnäçe teklipleri beýan etdi. Şeýlelikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlaryny taýýarlamak teklip edilýär.
Şeýle hem “Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary hakynda orta möhletli Strategiýanyň” taslamasyny işläp düzmek teklip edilýär.
Häzirki wagtda howpsuzlyk ulgamynda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu ugurda netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň 2023 — 2025-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň” taslamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär.
Şunuň bilen birlikde, “Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” taslamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär.
Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap we ýokarda agzalan ugurlaryň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......