2023-nji ýylda Türkmenbaşy bilen Mahaçkalanyň arasynda ilkinji ýük gämisiniň gatnawyny ýola goýmak meýilleşdirilýär

  • 01.07.2023 14:20
  • 22k+

2023-nji ýylyň ahyryna çenli konteýner ýüklerini daşamak üçin Türkmenbaşy bilen Mahaçkalanyň arasynda ýük gämisiniň ilkinji yzygiderli gatnawyny ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow Dagystanyň döwlet häkimiýetleri bilen Mahaçkalada geçirilen duşuşykdan soň habar berdi.

Ýelizarow: "Indi mümkinçilik bar we Türkmenbaşy-Mahaçkala aralygyna ilkinji konteýner gämisini goýbermek meselesine ýeke-täk ýol hökmünde däl-de, <...> adaty hyzmat  hökmünde seredilýär. Biz telekeçileriň öňünde ýylyň ahyryna çenli gämi gatnawyny ýola goýmak wezipesini goýduk" - diýdi.
Onuň sözlerine görä, soňky gezek 2011-2012-nji ýyllarda Türkmenbaşy we Mahaçkala portlarynyň arasynda parom hyzmaty bardy.
Söwda wekili sebite eden sapary wagtynda Dagystanyň hökümetiniň başlygy Abdulmuslim Abdulmuslimow bilen duşuşdy.
Abdulmuslimow: "Abraýly kompaniýalar bilen daşary ýurt ykdysady hyzmatdaşlygyny, şol sanda maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek isleýäris. Dost däl ýurtlaryň sanksiýalary we kynçylyklary şertlerinde, 2022-nji ýylda Dagystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 5% ýokarlanandygyny we importyň bolsa 80% artandygyny bellemek isleýärin "- diýdi.
Taraplar ulag we logistika, oba hojalygy we medeni pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......