Gurbanguly Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň iň ýokary sylagy bilen sylaglandy

  • 29.06.2023 11:47
  • 34k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň iň ýokary sylagy bolan «TÜRKSOÝ» ordeni we Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň «Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin» medaly bilen sylaglandy.

Dabara 28-nji iýunda Maslahat köşgünde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretarynyň, Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Bellenilişi ýaly, bu sylaglar türkmen halkynyň Milli Lideriniň türki medeniýeti ösdürmekde we türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, türki dünýäniň bitewüligini pugtalandyrmakda tagallalarynyň, dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işleriniň ykrar edilmeginiň nyşany bolup durýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýokary sylaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge ygrarlydygyny nygtady.


düýn 19:38
3.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......