Türkmenistanyň Prezidentine «Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin» atly medal gowşuryldy

  • 29.06.2023 11:33
  • 14k+

28-nji iýunda Arkadag şäheriniň döwlet derejesinde geçirilýän açylyş dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirji dabaraly ýagdaýda Prezident Serdar Berdimuhamedowa “Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin” atly medaly gowşurdy.

Bellenilişi ýaly, bu medal häzirki döwürde sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanyň özboluşly keşbini döretmäge goşan şahsy goşandyny nazara alyp gowşuryldy.
Serdar Berdimuhamedow Ilýas Demirjä hem-de birleşigiň ähli agzalaryna bildirilen hormat üçin minnetdarlygyny beýan etdi we bu sylagy Türkmenistanyň binagärlik, inženerçilik, şäher gurluşygy babatda ýeten derejesine berlen ýokary baha hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Türkmen tarapynyň hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça anyk teklipleri öwrenmäge taýýardygyny belläp, Serdar Berdimuhamedow Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirjä gowşurylan ýokary sylagy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de oňa berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......