Türkmenistanda Täjigistanyň täze ilçisi işläp başlady

  • 28.06.2023 15:41
  • 5.1k+

27-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda bilen duşuşdy we onuň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň barşynda diplomatlar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Ministr türkmen tarapynyň ilçä dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen diplomatik işiniň durmuşa geçirilmegine goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi.
Taraplar halkara guramalarynyň, şol sanda sebit gurluşlarynyň çäginde işjeň hereketlerini beýan etdiler.
Soňky ýyllarda ýurtlaryň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşi kanagatlanma bilen bellenildi.
Medeni-ynsanperwer ugurda hem uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......