Ýaponiýa «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» formatynda döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyny geçirmek meselelerini öwrenýär

  • 25.06.2023 17:07
  • 7.3k+

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida ýurduň daşary işler ministrligine Ýaponiýanyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyny guramak boýunça meseleleri öwrenmegi tabşyrdy. Bu barada Kyodo habarlar agentligi mälim edýär.

Premýer-ministr bu barada ýurduň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda teklip etdi. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa tebigy baýlyklara baý möhüm geosyýasy sebit bolup, Ýaponiýa üçin uly ähmiýete eýedir.
Şeýle hem kabul edilen resminamada 2024-nji ýyldan başlap, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýaponiýanyň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli duşuşyklaryny geçirmek bellenilýär.
Belläp geçsek, şu ýylyň maýynda ilkinji gezek «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda döwlet Baştutanlarynyň mejlisi geçirildi.


düýn 15:08
2k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

düýn 12:11
11k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.6k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....