Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikde Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyrdylar

  • 25.06.2023 10:45
  • 64k+

24-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikde Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdylar.

Irden Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilelikde paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň çäklerinde bar bolan täze desgalar, olaryň ähmiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdylar.
Soňra Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarlaryň türgenleşik nokadyna geldiler. Dikuçary dolandyrmak üçin ähli enjamlary öz içinde jemleýän uçar kabinasy uçary herekete girizmekden başlap, asman giňişliginde uçaryň nähili dolandyrylmalydygy, uçary ýere gondurmagyň ugurlary babatda giň maglumatlar toplumyny berýär. Şundan ugur alyp, bu ýerde uçarmanlar hünär derejesini ýokarlandyrmaga uly şertlere eýe bolarlar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow türgenleşik nokadynyň mümkinçilikleri bilen tanyşlygyndan soňra, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň hökümet awiasiýa toparynyň binasyna bardylar we binanyň içinde ýaşamak hem-de dynç almak üçin niýetlenen otaglaryň içi bilen tanyşdylar.
Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň işewürlik we medeni dynç alyş merkeziniň emele gelýän demirgazyk böleginde gurulýan Söwda we dynç alyş merkeziniň ýanyna geldiler. Bu ýerde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň we durky täzelenmegi meýilleşdirilýän toplumlaryň taslamalary we çyzgylary görkezildi.
Bu ýerde görkezilýän taslamalaryň hatarynda paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde ozal gurlan we häzirki döwürde durkunyň täzelenmegi meýilleşdirilýän ýol-ulag düzümine degişli desgalar, ýolýakalaryna oturdyljak haşamly germewler, köp gatnawly ýol çatryklarynda bina edilmegi göz öňünde tutulýan köpzolakly, aýlawly awtomobil köprüleri we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar.
Görkezilýän taslamalar we çyzgylar bilen tanyşdygyň dowamynda olaryň birnäçe bellikler aýdyldy hem-de degişli düzedişler girizildi.
Döwlet Baştutany bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatynyň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary taýýarlananda ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.


şu gün 07:42
882

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......