Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garady

  • 19.06.2023 23:51
  • 12k+

Şu gün, 19-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere bagyşlanan nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Oňa obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradow hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy.

Maslahatyň barşynda häkimler we wise-premýer welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdiler. 
Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda galla oragy dowam edýär. Şunda degişli düzümler sazlaşykly işledilýär hem-de orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär.
Şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilýär.  
Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barlyşyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini belledi we şunuň bilen baglylykda, galla oragynyň ýokary hilli we bökdençsiz geçirilmegini, bugdaýdan boşan meýdanlaryň sürlüp, möwsüme  taýýar edilmegini, gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


düýn 22:09
708

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
550

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
4k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 09:55
656

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......