Arkadag şäherine elektrobuslar, elektromobiller, jemagat we ýöriteleşdirilen gulluk ulaglary sowgat berildi

  • 16.06.2023 14:26
  • 70k+

16-njy iýunda Arkadag şäherine ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýän döwrebap ulaglar elektrobuslar, elektromobiller, jemagat we ýöriteleşdirilen gulluk ulaglary sowgat berildi. Bu çäre şäheriň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasynyň barşynda geçirildi.

Giň meýdançada Arkadag şäheriniň häkimlikleriniň düzümleri,  Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, täze şäheriň Saglygy goraýyş müdirligi, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, şäheriň maliýe müdirligi, polisiýa müdirligi, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň Arkadag şäheri boýunça müdirligi, Arkadag şäher prokuraturasy, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Arkadag şäheri boýunça müdirligi, Arkadag şäher harby wekilligi, Arkadag şäher raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi we beýleki gulluklar, ýolbaşçy düzümler üçin niýetlenen döwrebap awtoulaglar berildi.
Şeýle hem, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde döwlet ähmiýetli Arkadag şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri bilen bagly resminamalara gol çekdi.
Öň TmCars-yň habar berşi ýaly, 3-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde ulanylmagy meýilleşdirilýän döwrebap elektrobuslary we elektromobilleri barlap, synag edip gördi.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
724

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......