Aşgabatda Fransiýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi işläp başlady

  • 16.06.2023 12:00
  • 4k+

Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Filipp Merlen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Türkmenistanyň DIM-niň binasynda geçirilen duşuşykda R.Meredow ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapynyň onuň diplomatik işiniň amala aşyrylmagynda goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi.
Mundan başga-da, taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, hususan-da energetika, logistika we "ýaşyl" tehnologiýalar ýaly ugurlarda ösdürmegiň möhümdigi barada umumy pikiri beýan etdiler.
Taraplar şeýle hem medeniýet, arheologiýa we fransuz dilini öwrenmek babatynda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada belläp geçdiler.
Fransiýanyň Prezidenti Filipp Merleni Türkmenistandaky diplomatik wekilhana ýolbaşçy edip bellemek hakynda karara geçen aý gol çekipdi.
Merlen öň Latwiýada, Finlýandiýada, Owganystanda, Mongoliýada ilçihanalarda, şeýle hem halkara guramalarda — BMG-niň Ženewadaky Fransiýanyň hemişelik wekilhanasynda, Strasburgda Ýewropa Geňeşinde, Wenada BMG-niň bölüminde işledi.
Ol Aşgabatda 2020-nji ýyldan bäri işlän ilçi Izabel Gineliň ornuna geçer.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......